Iň täze habarlar

Halkara wakalaryň žurnalistikasy: Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyndaky açyk leksiýa

19.04.2025 | 04:35 |
 Halkara wakalaryň žurnalistikasy: Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyndaky açyk leksiýa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda iri halkara forumlaryň žanr aýratynlyklaryna we žurnalistikanyň beýanynyň aýratynlyklaryna bagyşlanan açyk leksiýa geçirildi.

Bu çäre, BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny şöhlelendirmek boýunça talyp-meýletinçilerini we ýaş hünärmenleri taýýarlamagyň bir bölegi boldy. Bu forum ozal habar berilişi ýaly 2025-nji ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.

Duşuşyga talyplar we ýaş mugallymlar – geljekki media-meýletinçileri şeýle hem olaryň halypalary gatnaşdy. Leksiýa onlaýn formatynda ýaýlyma berildi. Onuň netjesinde maslahaty taýýarlanmaga gatnaşýan beýleki ýokary okuw mekdepleriň wekilleri hem oňa goşuldylar.

2 А .jpg

Sapagy Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Bekdurdy Amansaryýew alyp bardy, onuň arkasynda halkara wakalaryny žurnalistik taýdan beýan etmekde köp ýyllyk tejribesi bar. Onuň çykyşy aýdyň gurluşly, düşnükli we hakyky tejribe bilen tapawutlandy.

Leksiýanyň dowamynda şeýle derejedäki çäreler barada giň jemgyýetçilige maglumat ýetirmekde ulanylýan esasy maglumatleryp beriş görnüşleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilkinji nobatda bu, habarlary çalt ýetirmäge mümkinçilik berýän we okyjylary wakalaryň dowamynda bolup geçýän ýagdaýlar bilen tiz tanşdyrýan maglumat žanrlarydyr (söhbetdeşlik, reportaž, hasabat).

Halkara forumlaryny beýan etmekde seljeriş žanrlary (korespondensiýa, makala, teswir) möhüm orun eýeleýär. Ýagny olar wakalaryň gelip çykyşyna we ähmiýetini has giňişleýin düşünmäge kömek edýär, sebäbi bu žanrlarda faktlaryň düýpli öwrenilmegi, umumylaşdyrmalar we netijeler bar.

3 .jpg

Amansaryýewiň belleýşi ýaly, halkara forumy şöhlelendirýän žurnalist giň dünýägaraýyşly we wakalaryň gün tertibine hem-de ösüşine çalt geçmek ukyby, maglumat gözlemek, ony düşündirmek we ulanylýan maglumatlaryň ygtybarlylygyny barlamak ýaly hünär başarnyklaryna eýe bolmalydyr.

Korespondentiň möhüm häsiýetine obýektiwlik bilen seljerşiniň arasynda deňagramlylygy saklamak ukyby, halkara temalary bilmek we materiallary dürli maksatly auditoriýa laýyklykda uýgunlaşdyrmak örän möhümdir.

Dialogy alyp barmak sungaty, stres ýagdaýlarynda durnuklylyk we daşary ýurt dillerini bilmek ýaly aýratynlyklar hem şeýle hünärmeniň hünär derejesiniň möhüm bölekleridir.

Sapagyň dowamynda Bekdurdy Amansaryýew öz şahsy tejribesinden mysallar bilen çykyşyny baýlaşdyrdy. Bu bolsa diňleýjilere teoretiki bilimleriň hakyky iş tejribesinde nähili ulanylýandygyny has aýdyň düşünmäge mümkinçilik berdi. Mysallar halkara žurnalistikasyndan alnan hakyky ýagdaýlary hem öz içine aldy – bu ýagdaýlarda žanry dogry saýlamak we maglumat bermäge çemeleşme uly ähmiýete eýe boldy.

РЕЗЕРВ-ЗАПАС (3).jpg

Gatnaşanlar “Awazada” geçiriljek maslahata taýýarlyk, metbugat merkezlerinde işlemek we duýgur temalary şöhlelendirmegiň etikasy bilen bagly meseleler aýratyn gyzyklanma döretdi. Bu meseleler boýunça açyk dialog görnüşinde giňişleýin we tejribä gönükdirilen jogaplar berildi.

Duşuşygyň dowamynda Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň uly mugallymy BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň durnukly ösüş boýunça dünýä gün tertibinde örän möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Çäräniň esasy maksady, geografiki şertler sebäpli tebigy emele gelen ulag ulgamyndaky päsgelçilikleri ýeňip geçmäge, infrastrukturany ösdürmäge, söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen halkara strategiýalary işläp düzmekden ybarat bolar.

Maslahaty geçirmek baradaky çözgüt 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde kabul edildi we ýörüte kararnama bilen berkidildi.

РЕЗЕРВ-ЗАПАС (4).jpg

Bu forumyň geçiriji ýurdy hökmünde çykyş edýän Türkmenistan, BMG-niň derejesindäki çäreleriň ýokary derejesine laýyk şertleri döretmäge taýýardygyny tassyklady.

Bekdurdy Amansaryýewiň belleýşi ýaly, şeýle leksiýalaryň geçirilmegi geljekki žurnalistleriň halkara derejesindäki çäreleri hünär taýdan we uly jogapkärçilik bilen beýan etmäge ukyply hünärmenler hökmünde kämilleşmegine möhüm goşant goşýar.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: