BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin maksatnamasyny “Awaza” diýip atlandyryldy
12.04.2025 | 20:40 |11-nji aprelde BMG-niň Baş Assambleýasy BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny Türkmenistanda geçirmek boýunça kararnamany kabul etdi.
Dört günlük forum, resminama laýyklykda 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda “mümkin boldugyça iň ýokary derejede, şol sanda döwlet we hökümet baştutanlarynyň derejesinde” geçirilmeli.
Assambleýa Maslahaty “Hyzmatdaşlygyň üsti bilen öňe gidişlik” ady bilen geçirmek bardaky Türkemistanyň teklibini goldady we kabul etdi.
Kararnama laýyklykda, Maslahatdan soň, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň on ýyllyk maksatnamasyny (2024–2034) “Awaza” maksatnamsy diýlip atlandyrylar. Bu kararnama BMG-a agza-döwletleriniň 57-niň awtordaşlyk etmeginde kabul edildi diýip, BMG-niň habarlar merkezi habar berýär.
ORIENT