Türkmenistanda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy meýilleşdirmegiň möhüm tapgyrynyň jemini jemlediler
11.04.2025 | 01:45 |Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Ýaşyl Howa Gaznasynyň (ÝHG) “Türkmenistanda milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş işiniň ösüşi” atly bilelikdäki taslamanyň tamamlanmagy mynasybetli Aşgabatda jemleýji ýokary derejeli maslahat geçirildi. Şeýle MUM (Milli uýgunlaşma meýilnamalary) ady bilen tanalýan bu taslama Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirildi. Bu çäre 10-njy aprelde “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilip, taslamanyň esasy üstünliklerini jemlemek, şeýle hem howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan ýaramaz täsirlere garşy göreşde ýurduň geljekdäki meýilnamalaryny kesgitlemek üçin meýdança boldy.
2021-nji ýylda başlanan MUM taslamasy, döwlet edaralarynyň derejesinde-de, tehniki mümkinçilikler taýdan Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ukybyny güýçlendirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Dört ýylyň dowamynda taslama howanyň töwekgelçiligini bahalandyrmagy we uýgunlaşma meýilnamalaryny milli ösüş maksatnamalaryna we býudjet emele getiriş amallary goşmak boýunça üstünlikli işledi.
BMGÖM tarapyndan Daşky gurşaw ministrligi bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilen taslama Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek üçin esas goýmak, suw hojalygyny meýilnamalaşdyrmak üçin möhüm maglumatlary ýygnamak we hünärmenleriň howanyň üýtgemegine täsirli jogap bermek endiklerini ýokarlandyrmak ýaly möhüm netijeleri gazandy.
Taslama, Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa (2019) we Milli derejede kesgitlenen goşandyny (2022) ýaly Türkmenistanyň bar bolan strategiki resminamalaryna esaslanýar. Halkara tejribesinde Milli derejede kesgitlenen goşant ýa-da “Nationally Determined Contribution” (NDC) halkara tejribesinde, Pariž ylalaşygynyň çäginde parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak baradaky ýurduň borçnamalarymy görkezýär.
Taslama, şeýle hem bu resminamalary durmuşa geçirmegiň anyk mehanizmlerini girizdi. Esasy netijeler, Türkmenistanyň Milli uýgunlaşma meýilnamasy üçin Ýol kartasyny düzmek (Milli uýgunlaşma meýilnamasy, ýurduň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin uzak möhletleýin çärelerini kesgitleýän resminama) we ýurtda howanyň maliýeleşdirilmegini ösdürmek konsepsiýasyny öz içine alýar. Bu resminamalar maslahatda çykyşlaryň we çekişmeleriň esasy temasyna öwrüldi.
BMGÖM-iň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan öz çykyşynda howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin Milli uýgunlaşma meýilnamalarynyň ähmiýetini nygtady:
“Milli uýgunlaşma meýilnamalary howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak boýunça ählumumy tagallalaryň möhüm elementidir. Olar gowşak goralanlygy azaltmak we uýgunlaşma meselelerini ösüş meýilnamasynyň ähli derejelerine goşmak üçin möhüm gural bolup hyzmat edýär. BMGÖM bu möhüm işde Türkmenistan Hökümetine goldaw berýändigine buýsanýar. Geljekde, ykdysadyýetiň esasy pudaklary üçin pudaklaýyn MUM-lary ösdürmek hem-de içerki we halkara çeşmeleri özüne çekjek uýgunlaşma maliýeleşdiriş Çarçuwaly maksatnamasyny işlenip düzülmegi ýaly indiki tapgyrlarda hyzmatdaşlyga taýýardyrys. Bu, Pariž ylalaşygy boýunça ýurduň borçlaryny ýerine ýetirmek üçin zerur guramaçylyk mehanizmlerini we maliýe mümkinçiliklerini üpjün eder”.
Maslahatyň işine dürli döwlet edaralarynyň wekilleri, howa boýunça bilermenler, halkara guramalarynyň, ylmy we bilim edaralarynyň hünärmenleri, raýat jemgyýetiniň, hususy pudagyň we diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdy.
Birinji sessiýa gatnaşyjylar howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ugrunda strategiki meýilnamalaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlygy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sessiýa BMGÖM-niň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň billermenleri we BMG-nyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň milli utgaşdyryjylary gatnaşdy. BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy, howanyň ulgamyna howply antropogen päsgelçilikleriň öňüni almaga gönükdirilen halkara ylalaşykdyr.
Ikinji sessiýa, Türkmenistanyň “ýaşyl” taksonomiýasynyň taslamasyny (“ýaşyl” taksonomiýa – bu haýsy ykdysady işleriň ekologiýa taýdan durnukly hasap edilip bilinjekdigini kesgitleýän klassifikasiýa ulgamydyr) ara alyp maslahatlaşmagy, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, şeýle hem Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ornuny öz içine alýan howanyň maliýe meselelerine bagyşlandy.
Uzak möhletleýin bilim alyş-çalşyny üpjün etmek üçin maslahata, Türkmenistanyň degişli uniwersitetlerine we ylmy-barlag institutlaryna howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak meselelerini suw serişdelerini dolandyrmaga integrasiýa boýunça okuw kitaplaryny – okuw materiallaryny dabaraly gowşurmak bilen tamamlandy.
Maslahatyň esasy maksatnamasyna goşmaça “Howanyň üýtgemegi – hereket etmegiň wagty” atly surat sergisi guraldy. Sergi guraklyk, tozanly tupanlaryň we oba landşaftlarynyň üýtgemegi ýaly sebitdäki howanyň üýtgemeginiň hakyky durmuş täsirini görkezýän täsirli suratlar arkaly howanyň üýtgemegine garşy durmagyň möhümdigini we derwaýysdygyny açyk görkezdi. Türkmen hünärmenleriniň sergini taýýarlamak işine gatnaşmagy milli işleri we howanyň töwekgelçiligine uýgunlaşmak üçin ýerli derejede alnyp barylýan tagallalary görkezmäge mümkinçilik berdi.
Bu çäre, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň milli strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin uzak möhletleýin meýilnamalaşdyrmagyň, durnukly maliýeleşdirmegiň we halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini ýene bir gezek görkezdi. Maslahatyň netijeleri, Türkmenistanyň durnukly howanyň geljegi ugrundaky ädimleri üçin berk binýady döretdi.
ORIENT