Aşgabatda Maliýe Hyzmatlaryň ilkinji Festiwaly “FinFest Turkmenistan” geçiriler
03.04.2025 | 09:30 |19-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň Ykdysadçylar Bileleşmesiniň goldanmagy bilen “Ygtybary maliýe merkezi” we “Açyk ýürek” hojalyk jemgyýetleriniň gurnalmagynda “FinFest Türkmenistan” atly ilkinji Maliýe hyzmatlarynyň Festiwaly geçiriler.
Bu çäre tejribe alyşmak, häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we maliýe hyzmatlary we önümler pudagynda soňky üstünlikleri görkezmek üçin möhüm bir meýdança bolmaga niýetlenendir. Festiwal maliýe guramalarynyň, ätiýaçlandyryş, baha beriş, audit, dellalçylyk we IT kompaniýalarynyň öňdebaryjy hünärmenlerini birleşdirer.
Festiwala myhaman hökmünde gatnaşmak üçin aşakdakylar çagyrylýar:
• Maýa goýujylar, telekeçiler we önüm öndürijiler
• Döwlet edaralarynyň we bilim edaralarynyň wekilleri
• Umumy jemgyýetçilik we ýaşlar
• Maliýe hyzmatlary bilen gyzyklanýan her bir adam
Festiwalyň maksatnamasy: maliýe tehnologiýalary, sanly bank we ätiýaçlandyryş pudagyndaky soňky täzelikleri; öňdebaryjy hünärmenleriň çykyşlary, häzirki tendensiýalary we Türkmenistanyň maliýe hyzmatlar bazaryny ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmagy; maliýe hyzmatlarynyň ýarmarkasyny; hünärmenleriň maslahatlaryny öz içine alýar.
Festiwala kompaniýalaryň gatnaşmagy üçin aşakdakylar çagyrylýar:
• Maliýe guramalary, gazna biržalar, ätiýaçlandyryş, baha kesmek, audit we dellalçylyk kompaniýalary, şeýle hem maliýe çözgütlerini hödürleýän IT kompaniýalary - bu önümlerini we hyzmatlaryny Türkmenistanyň maliýe hyzmatlaryň “meýdançasynda” hödürlemek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
• Hemaýatkärler - ýurt üçin möhüm bir çäräni goldamak bilen, kompaniýaňyzyň tanalmagyny artdyrarsyňyz;
• Isleg bildirýär ähli taraplar - gymmatly bilim alarsyňyz, peýdaly aragatnaşyk gurarsyňyz we täze maliýe mümkinçiliklerini açarsyňyz.
Gatnaşmak üçin 10-njy aprelden gijä galman şu düwme boýunça arza bermeli:
https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSfjLbWc7XXdxmVcXd7gWTYFASsWEBkds4qk-Fed2Kxhc6iREA/viewform
Myhman hökmünde gatnaşmak üçin hasaba durmaly, sebäbi ýerler çäkli. Gatnaşyk mugt. 10-njy aprelden gijä galman hasaba durmaga howlugyň.
Festiwalyň geçiriljek wagty: 19 aprel 2025 ýyl, sagat 10.00-15.00 Geçiriljek ýeri: “Arkaç” işewürlik merkezi, “Iş nokady”.
Habarlaşmak üçin:
“Ygtybary maliýe merkezi” HJ
(+99362)60-94-54/ (+99371)83-93-53
fincenterygtybarly@gmail.com
Festiwalyň guramaçylary barada gysgaca maglumat:
“Ygtybary maliýe merkezi” HJ maliýe we bank önümleri we hyzmatlary, halkara hasaplaşyklar, ESG ülňülerini durmuşa geçirmek we ş.m. boýunça maslahatlar gurnaýar. “Açyk ýürek” HJ derwaýys durmuş meseleleri çözmek üçin pudagara gepleşik döretmek maksady bilen dürli ululykdaky çäreleri gurnaýar.
ORIENT news