Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: "BND 60/90" kysymly ýol bitumy satyn alyndy

03.04.2025 | 08:46 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: "BND 60/90" kysymly ýol bitumy satyn alyndy

2-nji aprelde, çarşenbe güni, Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda nebit-himiýa önümleri ýerlenildi.

Türkmen telekeçileri "Türkmennebit" Döwlet konserni bilen "BND 60/90" kysymly ýol bitumyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryñ netijesinde umumy bahasy 1 625 000 manada barabar bolan 2 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgy boýunça tanşyp bilersiñiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: