Russiýanyñ Söwda-senagat edarasy GDA ýurtlarynda innowasion infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygy teklip edýär
01.04.2025 | 12:10 |Russiýanyñ Söwda-senagat edarasy (RF-yñ SSE-sy) Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygynyñ ýurtlarynda innowasion infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygy teklip edýär.
Ýakynda RF-yñ SSE-nyñ wise-prezidenti Dmitriý Kuroçkin hem-de Moskwanyñ SSE-nyñ prezidenti Wladimir Platonow GDA gatnaşyjy-döwletleriniñ Halkara ykdysasy forumynyñ bölümçesine gatnaşdylar. Forum Moskwadaky Halkara täjirçilik merkezinde geçirilip, onda GDA döwletleriniñ arasynda innowasion we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giñeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurluşyk we gurluşyk materiallar önümçiligi babatda senagat kooperasiýasynyñ çuñlaşdyrylmagyna aýratyn üns çekildi. Russiýanyñ SSE-sy döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de gurluşyk hyzmatlarynyñ hilini ýokarlandyrmak üçin gurluşykçylary, öndürijileri we potratçylary birleşdirýän gurluşyk klasterleri ýaly täze işewürlik ekoulgamlaryñ döredilmeginiñ wajypdygyny belleýär. Bu babatda Týumen oblastynda Gurluşyk-senagat klasteriniñ döredilmegi üstünlikli hyzmatdaşlygyñ mysallarynyñ biridir. Ol eýýäm 7 mlrd-dan gowrak rubl möçberinde 11 sany maýa goýum taslamalaryny ýola goýdy.
RF-yñ SSE-sy kiçi tehnologiýa kompaniýalary bilen ýakyndan iş alyp baryp, olaryñ ösüşine we gurluşyk pudagynda innowasion çözgütleriñ ornaşdyrylmagyna ýardam berýär. Gazagystanly we özbegistanly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar serhetüsti taslamalaryñ döredilmegine täze mümkinçilikleri açýar. Munuñ özi sebitde ykdysadyýetiñ we infrastrukturanyñ ösüşine ýardam berýär.
ORIENT news