Iň täze habarlar

Türkiýe özüniň smartfonlaryny döredýär

27.03.2025 | 12:35 |
 Türkiýe özüniň smartfonlaryny döredýär

Türkiýe Respublikasynyň Türk Telekom Döwlet telekommunikasiýa kompaniýasy türk smartfonlaryny işläp taýýarlamak boýunça taslamanyň ýola goýulandygy barada habar berdi. Ol “Milli we ýerli kommunikasiýa enjamlary” atly has giň başlangyjyň bir bölegi bolar.

Bu taslama döwlet we hususy pudagyň gyzyklanma bildirýän taraplary bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçiriler. Ol Türkiýe Respublikasynda diňe bir smartfonlaryň däl, eýsem beýleki intellektual enjamlaryň, operasion ulgamlaryň, telekommunikasiýa enjamlaryň, şeýle hem enjam we programma üpjünçiligiň döredilmegine gönükdirilendir.

Türk Telekom kompaniýasynyň baş direktory Umyt Önal Türkiýe Respublikasyny tehnologiýa alyjysyndan dünýäniň öndürijisine we eksport edijisine öwürmekde bu ädimiň wajyplygy barada belläp geçdi. Ol Argela we Netsia ýaly Türk Telekom-yň golçur kompaniýalarynyň eýýäm 70-den gowrak halkara patentleriniň bardygyny belledi.

Önal işläp taýýarlanylan tehnologiýalaryň täjirleşdirilmegi üçin dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalary bilen iri ylalaşyklaryň gol çekilendigi barada habar berdi. 5G tehnologiýasynyň ähli talaplaryna laýyk gelmek bolsa taslamanyň möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi Türk Telekom-yň Türkiýe Respublikasynyň global tehnologiýa pudagynda ornuny berkitmek boýunça strategiki gönükdirilmegini açyp görkezýär.

ORIENT news

Foto: rudaw.net

Şeýle hem okaň: