TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “BND 60/90” kysymly ýol bitumy we “TPP D 30 S” kysymly polipropilen satyn alyndy
27.03.2025 | 08:35 |26-njy martda, çarşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda “Türkmennebit” Döwlet konserniniň önümleri ýerlenildi.
Owganystanyň, Özbegistanyň we BAE-niň telekeçileri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen “BND 60/90” kysymly ýol bitumyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 2 610 000 ABŞ dollaryna barabar bolan 4 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
ORIENT news