Iň täze habarlar

Täze Starlink antennalary gigabit tizliginde Internet-mümkinçiligini üpjün eder

26.03.2025 | 16:05 |
 Täze Starlink antennalary gigabit tizliginde Internet-mümkinçiligini üpjün eder

SpaceX kompaniýasy özüniň Starlink hemra Internet-ulgamy üçin täze antennany döretmek boýunça işler geçirýär. Ol maglumatlary häzirki bar bolan tizliklerden 200 Mbit/s möçberinde artýan tizlikde geçirmäge mümkinçilik berer.

Şeýle gigabit tizliklere ýetmek üçin kompaniýa ulanylýan radio ýygylyk diapazonyny giňelder.

SpaceX Starship raketa arkaly üçünji nesliň (V3) hemralaryny goýbermegi meýilleşdirýär. Bu hemralaryň has dar şöhleleri, ulaldylan geçirijilik ukyby hem-de az derejede garaşdyrmalar bolar. Şeýlelik bilen, SpaceX 2 Gbit/s çenli tizlikde Internet-mümkinçiligini üpjün edip biler.

Häzirki wagtda SpaceX kompaniýasy öz torlaryny döwrebaplaşdyrmak üçin Aragatnaşyk baradaky federal komissiýasynyň makullamagyna garaşýar.

Mundan başga-da, SpaceX korporatiw müşderileri üçin täzelenen tekiz görnüşindäki ýokary öndürijilikli antennany taýýarlaýar. Şeýle hem, kompaniýa ykjam Starlink Mini-den soňra nobatdaky ädim boljak ýene bir antenna görnüşini işläp týýarlamagy meýilleşdirýär.

ORIENT news

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: