Iň täze habarlar

Türkmenistan Nowgorod oblastyndan dökünleriñ importyna başlar

25.03.2025 | 13:20 |
 Türkmenistan Nowgorod oblastyndan dökünleriñ importyna başlar

Türkmenistan we Nowgorod oblasty dökünleri getirmek hakyndaky ylalaşyga ýetdiler. Nowgorod telekeçileriñ öz önümleri bilen gatnaşan "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlar" atly halkara forumyñ barşynda bu ylalaşyga ýetildi. Bu barada Новгородские ведомости habar berýär.

Nowgorodyñ eksporty goldamak merkezi tarapyndan guralan Russiýanyñ wekiliýeti "T-ARM", "Eko Treýd" we "Elegiýa" kompaniýalarynyñ wekillerini öz içine aldy. Dökünlerden başga-da kompaniýalar pilomateriallary, mebel we nebitgaz pudagy üçin enjamlary hödürlediler.

Forumyñ çäklerinde gepleşikler geçirilip, netijede Türkmenistana dökünleri getirmek baradaky ylalaşyga gol çekildi. Nowgorodyñ eksporty goldamak merkeziniñ direktory Alekseý Syrnikow çäräniñ ýokary guramaçylyk derejesini belläp, taraplaryñ arasynda işewür hyzmatdaşlygynyñ mundan beýläk-de ösmegine ynam bildirdi.

Ozal biz Gazagystanyñ türkmen önümleriniñ importyny ýokarlandyryp, birnäçe haryt görnüşleriniñ eksportyny ösdürendigi barada habar berdik.

ORIENT

Foto: agromarket.ru

Şeýle hem okaň: