Iň täze habarlar

Boao aziýa forumynyň nutugy: 2025-nji ýylda Aziýanyň JIÖ-i 4,5% ýokarlanyp biler

25.03.2025 | 11:40 |
 Boao aziýa forumynyň nutugy: 2025-nji ýylda Aziýanyň JIÖ-i 4,5% ýokarlanyp biler

2025-nji ýylyň 25-28-nji marty aralygynda Hytaýyň günortasyndaky Haýnan welaýatynyň Boao şäherçesinde her ýylky mejlisi geçiriljek Boao aziýa forumynyň (BAF) neşir eden nutugyna laýyklykda, 2025-nji ýylda Aziýanyň hakyky jemi içerki önüminiň 2024-nji ýyl 4,4% görkezijisi bilen deňeşdirilende 4,5% möçberinde ösmegine garaşylýar.

“Aziýa ykdysadyýetiniň mümkinçilikleri we integrasiýa prosesi” atly nutukda Aziýanyň JIÖ-i umumydünýä möçberinde 2024-nji ýylky 48,1%-den 2025-nji ýylda 48,6%-e çenli öser diýip bellenilýär.

Sebitde işsizlik derejesi 4,39% boljakdygy çaklanylýar, bu hem umumydünýä görkezijisinden 4,96% azdyr.

Getirilen bu maglumatlar sebitiň ýurtlarynyň öňünde duran çagyryşlaryna garamazdan, Aziýanyň ykdysadyýetinde ösüşiň oňaýly ýagdaýyny görkezýär. Aziýa dünýä ykdysadyýetiniň möhüm hereketlendirijisi bolmagynda galýar.

ORIENT

Foto: russian.china.org.cn

Şeýle hem okaň: