Iň täze habarlar

Döwlet energetika institutynda "GIZ"-iň sebitleýin maksatnamanyň çäklerinde maslahat geçirildi

25.03.2025 | 13:45 |
 Döwlet energetika institutynda "GIZ"-iň sebitleýin maksatnamanyň çäklerinde maslahat geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) “Ýaşyl Merkezi Aziýa II” sebitleýin maksatnamanyň çäklerinde iki taraplaýyn duşuşyk hem-de “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energiýa netijeliligi boýunça jemgyýetçilik habarlylygyny ýokarlandyrmak” atly halkara sebitleýin maslahat geçirildi.

Bu maslahata Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň, Ýewropa bileleşiginiň, Birleşen Milletler guramasynyň ösüş maksatnamasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmengaz Döwlet konserniniň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlar we talyp ýaşlar getnaşdylar.

Halkara maslahatyna gatnaşyjylar institutyň Baş binasynda guralan ylmy işleriň sergisi bilen hem-de institutda döredilen AR/VR tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan okuw otagy bilen hem tanyşdylar.

Geçirilen halkara sebitleýin maslatyň esasy maksady gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmaklygyň netijeliligini halk köpçülige ýetirmegiň strategiýasyny işläp düzmekden ybarat bolup, ol öz işini umumy mejlisde şeýle-de 5 bölümçelerde dowam etdi. Bölümçelerde agzalan tema boýunça birnäçe çykyşlar diňlenildi.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: