Iň täze habarlar

Hazarüsti geçelgesi söwda ulgamynda oýunyň düzgünlerini üýtgedýär – ÝB-niň komissary Türkmenbaşy portuna baryp gördi

13.03.2025 | 01:05 |
 Hazarüsti geçelgesi söwda ulgamynda oýunyň düzgünlerini üýtgedýär – ÝB-niň komissary Türkmenbaşy portuna baryp gördi

“Hazarüsti ulag geçelgesi söwda ulgamynda oýunyň düzgünlerini üýtgedýän taslama bolup, ol söwda akymlaryny ep-esli artdyryp, ýük daşama wagtyny gysgaldyp biler” – diýip, ÝB-niň halkara hyzmatdaşlygy boýunça Ýewropa Bileleşiginiň komissary Ýozef Sikela ORIENT bilen geçirilen eksklýuziw söhbetdeşlikde aýtdy.

Bu mowzuk, Ýewropa komissarynyň Türkmenistana amala aşyrýan strategiki saparynyň tertibinde esasy meseleleriň birine öwrüldi hem-de Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” strategiýasynyň çäginde hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Bu saparyň dowamynda ÝB-niň Türkmenistanyň sebitleýin we ählumumy ykdysady torlara integrasiýasyny güýçlendirmekde, esasanam ulag aragatnaşygy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we söwdany ýeňilleşdirmek ýaly ugurlara üns çekildi.

“Global Gateway” başlangyjynyň esasy elementi bolan Hazarüsti ulag geçelgesi, Prezident Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen geçirilen duşuşygyň esasy mowzuklarynyň biri boldy. Komissar Sikela, ÝB Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky baglanyşygy güýçlendirýän bu strategiki geçelgede Türkmenistanyň esasy ornuny goldamaga ygrarlylygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Şeýle hem, möhüm söwda çatrygyna – Türkmenbaşy portuna baryp, ol ýerde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen duşuşdy. Sikela, ÝB-niň infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga we standarda laýyk getirmäge gyzyklanmasyny tassyklady.

komissar-es-port-turkmenbashi.jpeg

Türkmenistany Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin esasy hyzmatdaş hökmünde görýäris. “Global Gateway”başlangyjy bilen bilelikde işlemek, esasanam Hazarüsti ulag geçelgesiniň üsti bilen bilelikde has täze we has ygtybarly söwda ýollaryny döredýäris, bu täze iş mümkinçiliklerini açar, maýa goýumlaryny çeker we iş ýerlerini döreder. Bilelikdäki tagallalarymyz, Türkmenistana Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky söwda merkezine öwrülmegine ýardam etmek bilen Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky söwda ýoluny bary-ýogy 15 güne çenli gysgaltmagy maksat edinýär” – Ýozef Sikelanyň bu sözlerini ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň metbugat beýanatynda getirilýär.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: