Iň täze habarlar

Kazanda Nowruz baýramyny bellärler

14.03.2025 | 11:09 |
 Kazanda Nowruz baýramyny bellärler

2025-nji ýylyň 22-nji martynda Kazanda Nowruz baýramy belleniler. Bu baýramçylyk türki dilli halklaryň ýaşaýan ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem bellenilýär.

Baharyň gelmegini, tebigatyň janlanmagyny we tebigy senenamasy boýunça täze ýylyň gelmegini alamatlandyrýan bu baýramçylyk Tatarystanyň Halklaryň dostluk öýünde geçiriler. Guramaçylar bolup Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi, “Tatarystanyň Halklaryň dostluk öýi” Döwlet býujet edarasy, “Tatarystanyň Halklaryň assambleýasy” Sebitleýin jemgyýetçilik guramasy çykyş ederler.

Köpsanly çäreleriň, şol sanda konsertleriň, halk hünärmentçilik we senetçilik önümleriniň sergi-ýarmarkasynyň, türki dilli halklaryň däp-dessurlaryna we medeniýetine bagyşlanan ussatlyk sapaklaryň, “Науруз Гузǝле” we “Науруз Батыр” bäsleşikleriň, däp bolan halk oýunlaryň we Nowruz baýramynyň oýunlarynyň geçirilmegine garaşylýar.

Baýramçylygyň möhüm bölegi bolsa milli tagamlaryň bişirilmegi bolar.

21-nji martda Kazanda Nowruz baýramynyň esasy süýjüligi bolan Semeni (Сумаляк) bişiriler. Bu lezzetli we peýdaly tagam bolup, ol adamyň güýçlerini dikeldip we oňa ruhubelentlik berýär. Semeni bugdaýyň gögeren dänesinden taýýarlanýar. Däneler üwelýär, soňra bolsa 20-24 sagadyň dowamynda un bilen garylyp gazanda bişirilýär. Şepbeşik nahary uzak wagtlap garyp durmak kyn bolýar. Bu sebäpli hem nahary taýýarlamakda gazanyň ýanynda nobatlaryny çalyşýan birnäçe adam gatnaşýar. Semenini aýdym-sazly, tansly, degişmeli aýdymly tutuş mähelle bolup taýýarlamak däbi munuň bilen düşündirilýär.

Semeni ýanmaz ýaly gazanyň düýbüne uly bolmadyk daşlary goýýarlar. Eger-de şeýle daş tagam iýilip oturan wagty öňüňden çyksa, arzuw-dileg edip bolýar.

ORIENT news

Foto: letsgotravel.ru

Şeýle hem okaň: