Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bahar konsert möwsümini açýar
14.03.2025 | 03:00 |Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy 2025-nji ýylyň bahar möwsüminiň açylyşyna çagyrýar.
17-nji martda konserwatoriýanyň uly zalynda çeper ýolbaşçy, “Altyn Asyr” baýragynyň eýesi, hor we orkestr dirižýorçylyk kafedrasynyň uly mugallymy Nury Muhyýewyň hem-de orkestr gurallary kafedrasynyň talyby, ýaş dirižýor Kowus Bäşimowyň ýolbaşçylygynda kamer orkestriniň konserti geçiriler.
Konsertiň maksatnamasyna daşary ýurt we türkmen klassik kompozitorlarynyň eserleri girizildi – P. I. Çaýkowskiý, E. Naprawnik, B. Hudaýnazarow, Ç. Nuryýew, şeýle-de halkara bäsleşikleriniň ýeňijileri A. Muhyýewa (skripka), D. Gyllyjow (trombon), N. Jumageldiýewa (fleýta) we K. Orazow (hoboý).
Konsert Nowruz baýramyna bagyşlanýar.
Konserwatoriýa klassiki saz muşdaklarynyň ählisine garaşýar. Konsert 18:00-da başlanýar.
ORIENT