Iň täze habarlar

FIFA şahsy kriptowalýuta tokenini döredip biler

14.03.2025 | 10:30 |
 FIFA şahsy kriptowalýuta tokenini döredip biler

Halkara futbol federesiýasy (Federation Internationale de Football Association FIFA) FIFA Coin diýlip atlandyryljak şahsy kriptowalýuta tokenini döretmek mümkinçiligini işjeň maslahatlaşýar.

FIFA Prezidenti Janni Infantino şeýle çäräniň bütin dünýä boýunça 5 mlrd-dan gowrak janköýerleri çekmeklige gönükdirilendigini aýtdy.

Ak tamda geçirilen kriptosammitiň barşynda Infantino FIFA-nyň janköýerler üçin özara gatnaşygynda blokçeýn-tehnologiýalary ulanmakda gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şeýle hem, ol tokeniň futbol dünýäsinde täze mümkinçilikleriň döredilmeginde we janköýerler binýadynyň giňeldilmeginde möhüm gural bolup biljekdigini hem aýtdy.

“Eger-de bu ýerde FIFA bilen hyzmatdaşlyk alyp barmak isleýänler bar bolsa, biz açykdyrys” – diýip, Infantino aýtdy.

Mundan başga-da, FIFA eýýäm NFT-kartly FIFA Rival ykjam oýnunyň döredilendigi barada habar berdi. Munuň özi Federasiýanyň öz işine häzirki zaman tehnologiýalary integrirlemek isleýändigini açyp görkezýär.

Token – bu blokçeýnde aktiwi ýa-da gymmatlygy hödürlemek formasydyr. Bu wirtual walýuta, paýnamalar we beýleki gymmatly kagyzlar, sungat eserleri, gozgalmaýan emläk obýektleri we aktiwleriň beýleki görnüşleri bolup biler.

Tokenler bilen söwda amallaryny amala aşyryp bolýar, olary edil teňňeler ýaly satyp bolar. Olary haýsy hem bolsa bir gollanma ýa-da platforma birikmek üçin hem ulanýarlar.

ORIENT news

Foto: crypto.ru

Şeýle hem okaň: