Minskde Türkmenistanyň gatnaşmagynda halkara kitap sergisi açyldy
14.03.2025 | 04:15 |12-nji martda Belarusuň paýtagtynda XXXII Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Oňa işjeň gatnaşanlaryň biri Belarus Respublikasyndaky Türkmenistanyň Ilçihanasydyr. 16-njy marta çenli Minsk şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary GDA-nyň we ÝAYB-niň döwletleri bilen birlikde 20 ýurdyň ekspozisiýasy bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar. Şeýle hem Belarusda akkreditlenen diplomatik wekilhanalar öz milli pawilýonlaryny hödürleýärler.
Türkmenistanyň ilçihanasy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda – göwheri” atly kitaplaryň tanyşdyrylyşyna bagyşlanan baý mazmunly maksatnamasyny taýýarlady. Şeýle hem sergide bezeg we amaly-haşam sungatyň baý mirasyny görkezýän türkmen milli lybaslarynyň ekspozisiýasy hödürlendi.
Türkmen stendiniň edebi böleginde döwlet Baştutanynyň, türkmen halkynyň Milli Lideriniň, şeýle hem köp sanly dillere terjime edilen türkmen medeniýetiniň çuňlugyny we onuň ruhy gymmatlyklary bilen tanyşdyrýan türkmen edebiýatynyň nusgawy şahsyýetleriniň eserleri bar.
Türkmenistan pawilýonynyň myhmanlary kitap neşirleri arkaly ýurt baradaky köp maglumatlary öwrenip, onuň özboluşly medeni öwüşginini duýmaga we halkyň ruhy dünýäsine has gowy düşünmäge mümkinçilik alarlar.
Sergä gatnaşyjylar we myhmanlar şeýle medeni hyzmatdaşlygyň dowam etmegine we halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine umyt bildirdiler.
ORIENT