Aşgabatda döwlet işgärleriniň dolandyryş başarnyklaryny ýokarlandyrmak boýunça okuw geçirildi
14.03.2025 | 02:43 |11-13-nji mart aralygynda Aşgabatda “Erkek we zenan liderligi: täsirli hyzmatdaşlyk” atly okuwy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdy. Çäre, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän we Halkara Söwda Merkezi (HSM) tarapyndan durmuşa geçirilýän “Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýasy” taslamasynyň çäklerinde guraldy. Okuwyň esasy maksady ýolbaşçylyk häsiýetlerini, aragatnaşyk endiklerini ösdürmek hem-de toparlaýyn işi dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak boldy.
Gatnaşýanlar üçin liderligiň psihologiýasyny, tankydy pikirlenmäni we karar kabul ediş prosesini çuňlaşdyryp öwrenmäge gönükdirilen baý programma taýýarlanyldy. Çekeleşikli pikir alyşmalar we öz-özüňi seljermek boýunça interaktiw maşklar olara öz liderlik usullaryny kesgitlemäge, güýçli taraplaryny anyklamaga we geljekki ösüş ugruny bellemäge ýardam berdi. Liderlikde erkekleriň we zenanlaryň çemeleşmeleri bilen bagly tapawutlara aýratyn üns berildi. Olaryň guramalaryň netijeliligine edýän täsirini we inklýuziw dolandyryşyň döwlet edaralarynyň iş netijeliligini nähili gowulandyrýandygy öwrenildi.
Amaly ýumuşlar okuwyň möhüm bölegi boldy. Olar gatnaşyjylara teoretiki bilimlerini berkidip, olary iş ýagdaýlarynda ulanmaga mümkinçilik berdi. Ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri çykyş etmegiň ýörelgeleri, auditoriýa bilen täsirleşmek we tanyşdyrylyş dabarasynyň tehnikasyny kämilleşdirmek boýunça başarnyklary özleşdirdiler.
Topar dolandyryşy bilen baglanyşykly meseleler hem okuwyň möhüm bölegi boldy. Gatnaşyjylar täsirli aragatnaşyk gurmagyň, hyzmatdaşlyk strategiýalarynyň we dürli iş ýagdaýlarynda topary dolandyrmagyň ýörelgeleri bilen tanyşdylar. Tematiki tejribeler toparlaryň içinde ýüze çykýan meseleleri çözmek üçin gerek bolan liderlik başarnyklaryna seretmäge mümkinçilik berdi.
Bu okuw döwlet edaralarynyň wekilleriniň dolandyryş taýýarlygyny kämilleşdirmekde we liderlik häsiýetlerini ösdürmekde möhüm ädim boldy. Şeýle hem ol olaryň umumy dolandyryş we aragatnaşyk endiklerini gowulandyrmaga, netijeliligi artdyrmaga we guramaçylyk maksatlaryna ýetmäge ýardam berer.
Taslama barada
Halkara Söwda Merkezi Türkmenistanda ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýasy” atly dört ýyllyk tehniki kömek taslamasyny durmuşa geçirýär. Taslamanyň maksady Türkmenistanyň ykdysady ösüşine hem-de ÝB bilen söwda gatnaşyklarynyň berkemegine goldaw bermekdir. Bu, işewürlik gurşawyny gowulandyrmak arkaly söwda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak arkaly gazanylar. Taslama Türkmenistanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygyna we sebit hem-de global söwdada işjeň gatnaşmagyna ýardam etmegi maksat edinýär.