Iň täze habarlar

Türkmenistan sebit gatnawynda möhüm orun tutýar – YHG-nyň Baş sekretary

13.03.2025 | 16:40 |
 Türkmenistan sebit gatnawynda möhüm orun tutýar – YHG-nyň Baş sekretary

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Mejid Han “Trend”-e beren söhbetdeşliginde Türkmenistanyň sebit ulag başlangyçlaryndaky strategiki orny barada belläp geçdi.

“Möhüm söwda ýollarynyň çatrygyndaky strategiki halka bolan Türkmenistan, sebit aragatnaşygynda ähmiýetli orun tutýar hem-de YHG-nyň ulag başlangyçlaryna işjeň gatnaşýar. YHG Türkmenistan bilen ulag we üstaşyr daşamalar babatynda hyzmatdaşlygy berkidip, esasy infrastruktura taslamalaryny öňe sürýär, üstaşyr düzgünlerini aňsatlaşdyrýar hem-de syýasatyň utgaşdyrylmagyny gowulandyrýar” – diýip, ol belledi.

Baş sekretar Guramanyň Tejen-Sarahs-Meşhed hem-de Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ýaly bar bolan ugurlaryň döwrebaplaşdyrmagyna hem-de täze multimodal çözgütleriň gözlegine üns berýändigi barada aýtdy.

“Geljekki tagallalar bu ugurlaryň YHG-nyň has giň ulag ulgamyna integrirlemäge gönükdirilip, söwda akymlarynyň has akgynly hereketine we sebitde ykdysady aragatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berer. YHG-nyň şeýle tagallalary sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, durnukly we netijeli üstaşyr gatnawlaryny üpjün etmäge hem-de Türkmenistanyň sebitde ulag we söwda ulgamlaryny ösdürmekdäki möhüm ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir” – diýip, Baş sekretar belläp geçdi.

Asad Mejid Han YHG-nyň Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi babatda iş alyp barýandygyny belledi. “Bu geçelge Pars aýlagynyň portlaryny Merkezi Aziýa bilen birleşdirýär, bu hem Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň ösmegine ýardam berýär.

Yslamabat-Tähran-Stambul demir ýol – awto ýol ugry bu geçelgäniň möhüm bölegidir. Ol Pakistanyň, Eýranyň hem-de Türkiýäniň arasynda, şeýle hem tutuş YHG-nyň sebitinde aragatnaşyklaryň we söwdanyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Bu ugur harytlaryň has çalt, ykdysady taýdan amatly we ygtybarly geçirilişine hem kömek edýär” – diýip, ol belläp geçdi. Deňize çykalgasy bolmadyk ýurtlara aýratyn üns berilýär:

“Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda YHG-nyň strategiki ornuny hasaba almak bilen, esasan hem, geografiki kynçylyklaryny ýeňip, öz ykdysady mümkinçiligini açmakda, deňize çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin serhetsiz ulag ulgamlary zerur bolup durýar” – diýip, Asad Mejid Han nygtap geçdi.

Baş sekretar YHG-nyň logistikany gowulandyrmaga we bökdençlikleri aradan aýyrmaga gönükdirilen Türkmenistan bilen Üstaşyr daşamalary baradaky çarçuwaly ylalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini hem belledi:

“Türkmenistanyň strategiki taýdan geografiki ýerleşişini göz öňünde tutup, ol söwdanyň, şeýle hem YHG-nyň çäklerinde kommunikasiýa we energetika hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistan YHG-de berk söwda orunlaryny tutýar. Munuň bilen baglylykda, Gurama YHG-nyň Söwda ylalaşygyny hem-de Üstaşyr daşamalar baradaky çarçuwaly ylalaşygyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistan bilen has giň we düýpli özara gatnaşyklara ymtylýar” – diýip, ol belläp geçdi.

Şeýle hem, Türkmenistan Eýran bilen bilelikdäki serhet söwda zolagyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi: “Sebit söwdasyny giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň we Özbegistanyň üstünlikli serhet zolaklarynyň mysalynda, Türkmenistan Eýran bilen bilelikdäki serhet zolagyny döretmek üçin tehniki-ykdysady esaslandyrmany geçirmegi teklip etdi. Biz Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlygy saklaýarys hem-de sebitiň beýleki ýurtlarynda bu modeli ulanmak üçin onuň mümkinçiliklerini bahalandyrmak maksady bilen bu babatda uly işler alyp barýarys” – diýip, Baş sekretar belledi.

Ol infrastrukturanyň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de serhet düzgünleriň aňsatlaşdyrylmagy maýa goýumlaryň çekilmegine hem-de ýurduň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam berip biljekdigini aýtdy. “Biziň tagallalarymyz has netijeli we akgynly serhetüsti amallary döretmek üçin syýasatyň döwrebaplaşdyrylmagyna, sanlylaşdyrylmagyna hem-de sazlaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Möhüm başlangyçlar ECO-TIR, ECO Gate, Ekspeditorlar birleşigini öz içine alýar. Şeýle başlangyçlar sebitde bökdençlikleri azaltmaga, çykdajylary peseltmäge hem-de ykdysady integrasiýany pugtalandyrmaga gönükdirilendir” – diýip, ol goşmaça belledi.

Sözüniň ahyrynda Asad Mejid Han Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny hem-de onuň möhüm sebit çäresiniň meýdançasy boljakdygy barada hem belledi: “Şu ýylyň 28-29-njy aprelinde Türkmenistan Arkadag şäherinde YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ilkinji forumyny kabul eder. Ol 2030-njy ýyla çenli YHG sebitinde meseleleriň çözülmegine hem-de DÖM-i gazanmak üçin çözgütleriň gözlegine gönükdiriler” – diýip, Baş sekretar habar berdi.

Onuň aýtamgyna görä, Forum sebitde ösüşi güýçlendirmek üçin innowasion strategiýalary ara alyp maslahatlaşmakda YHG ýurtlarynyň wekillerini, işewürligiň we halkara guramalaryň wekillerini birleşdirer. “Forumyň sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrjakdygyna garaşylýar, şeýle hem ol innowasion we durnukly çözgütleri ornaşdyrmaga hem-de YHG-a agza-döwletleriň arasynda bilim alyşmaga ýardam berer. Mundan başga-da, Forum DÖM-i durmuşa geçirmek üçin maliýeleşdirmek gurallaryny gowulandyrmaga, sanlylaşdyrmaga, hususy bölegiň gatnaşmagyna, şeýle hem howanyň üýtgemegine garşy göreşe we tebigy betbagtçylyklarynyň howpuny azaltmaga üns berer” – diýip, Asad Mejid Han belläp geçdi.

Şeýle hem, okaň:

Türkmenistan-ÝB dialogyň esasy temalary – ORIENT üçin Ýewropa komissary Sikela bilen geçirilen söhbetdeşlikde

Foto: Trend.az

Şeýle hem okaň: