Xiaomi dünýäniň ilkinji Wi-Fi nauşniklerini çykaryp başlar
13.03.2025 | 10:55 |Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy Xiaomi Buds 5 Pro atly dünýäniň ilkinji Wi-Fi nauşniklerini çykarmaga taýýarlanýar.
Xiaomi Buds 5 Pro nauşnikleri diňe Bluetooth däl-de, eýsem Wi-Fi arkaly smartfonlara göni birikdirilip bilinýär. Bu hem 96 kGs/24 bit çenli mümkinçiligi we 4,2 Mbit/s çenli tizlikli audio geçirilişini üpjün etmek bilen, sesiň hilini ep-seli derejede gowulnadyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu funksiýa diňe Xiaomi 15 Ultra flagman smartfonlar üçin elýeterlidir.
Munuň özi energiýa sarp edilişini azaldar we birikdirmäniň durnuklylygyny ýokarlandyrar.
Nauşnikler üç draýwer bilen enjamlaşdyrylan hem-de Snapdragon Sound tehnologiýasyny işledip bilýärler. Bu hem sesiň ýokary hilini üpjün eder. Mundan başga-da, olaryň 55 dB çenli gibrid işjeň ses peseltmek funksiýasy (ANC) we ulanyjynyň islegine görä ses sazlamalary üçin ýöriteleşdirilen ekwalaýzer-profilleri hem bar. Geljekde mikrofon sazlamasy hem goşulyp, ol 4 sagada çenli ses ýazgysyny amala aşyryp biler.
Kuwwat beriji gabyň ulanylmagy bilen, awtonom işiniň wagty 40 sagada çenli düzýär, nauşnikleriň özi bolsa bir zarýad bilen 40 sagada çenli işläp bilýär. Şeýle hem, ses ýazgysy we emeli aňyň ulanylmagy bilen sinhron terjime funksiýalary göz öňünde tutulandyr.
Nauşnikler dury gara reňkde elýeterlidir.
ORIENT news