Iň täze habarlar

Magtymguly adyndaky TDU: daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar we ders bäsleşikleri

13.03.2025 | 15:40 |
 Magtymguly adyndaky TDU: daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar we ders bäsleşikleri

9-12-nji martda Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Şensi prowinsiýa komitetiniň sekretarynyň orunbasary hanym Sin Şanpiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana iş sapary guraldy. Onuň çäklerinde wekiliýetiň düzüminde bolan Hytaý Halk Respublikasynyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň rektory bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Magtymguly adyndaky TDU-nyň rektory O.Öwezsähedow we Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň rektory Sun Sinweý wekilçilik edýän ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

1

12-nji martda Türkmen döwlet uniwersitetinde Aşgabatda saparda bolýan “Ýewraziýa we Afrika halklarynyň assambleýasy” hökümete degişli däl halkara bileleşiginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanda “Ýewraziýa we Afrika halklarynyň assambleýasynyň günleri” çäresini geçirmek bilen bagly mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bulardan başga-da, 12-nji martda dana Pyragynyň adyny göterýän döwlet uniwersitetinde 11 — 14-nji mart aralygynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly okuw dersleri boýunça bäsleşikleriň döwlet tapgyrynyň astronomiýa we geografiýa dersleri boýunça bäsleşikleri geçirildi.

2

Geçirilen ders bäsleşiginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri, umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlary, mekdep okuwçylary ýurtda alnyp barylýan bilim özgertmeleriniň ähmiýeti barada gyzykly çykyşlary etdiler.

Şonuň ýaly-da, bu çäre Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilen «Alkyş Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz», «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» ýaly aýdymlar bilen utgaşyp, gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: