TDHÇMB-da söwdalaşyklar: suwuklandyrylan gaz, “TS-1” kysymly uçar kerosini we gurluşyk materiallary satyn alyndy
13.03.2025 | 08:51 |12-nji martda, çarşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa önümleri we gurluşyk materiallary ýerlenildi.
Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy we “TS-1” kysymly uçar kerosinini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri türkmen telekeçilerinden gazbeton bloklaryny satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 2 810 600 ABŞ dollara barabar bolan 3 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
ORIENT news