“Arkadag” “Ist Bengal” klubyny ýeňip, AFK-nyň Çagyryşlar ligasynyň ýarym finalyna çykdy
13.03.2025 | 11:30 |“Arkadag” futbol klubynyň futbolçylary AFK-nyň Çagyryşlar ligasynda üstünlikli çykyş etmegi dowam edýärler. Topar iki duşuşygyň netijeleri boýunça Hindistanyň “Ist Bengal” klubyny ýeňip, ýaryşyň ýarym finalyna çykmagy başardy. Bir hepde mundan ozal Kalkuttada geçirilen birinji duşuşyk türkmen toparynyň 1:0 hasabynda ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.
Jogap duşuşygy ilkinji gezek halkara oýnuny kabul eden “akylly” Arkadag şäherinde geçirildi. 10 müň adamlyk stadion tutuşlygyna doldy – janköýerler öz gowy görýän toparynyň ýeňşine sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Oýnuň başy ýer eýeleri üçin garaşylmadyk ýagdaýda başlandy. Eýýäm ilkinji minutda myhmanlar öňe geçdiler. Dimitrios Diamantakosyň urgysyndan soňra, top Rafael Messi Boulyň aýagyna düşüp, ol hem topy derwezä geçirmäge başardy.
Wladimir Baýramowyň topary aryny almaga çalyşdy. Emma hindi kluby ynamly goranyp, howply garşylyklaýyn hüjüm geçirýärdi. 17-nji minutda myhmanlar tas hasabyň arasyny açýardylar – Diamantakosyň urgysy ştanga geldi. Möhüm pursat oýnuň 33-nji minudynda bolup geçdi: Lalçungnungi Ýazgylyç Gurbanowa garşy eden hereketi üçin oýundan çykarylyp, “Ist Bengal” azlyk bolup galdy. Muňa garamazdan, hindi topary howply pursatlary döredip, goranmagy dowam edýärdi.
Oýnuň jemleýji bölegi aýgytlaýjy boldy. 89-njy minutda Şanazar Tirkişow penalti gazanyp, ony Altymyrat Annadurdyýew üstünlikli ýerine ýetirdi. Goşmaça wagtda ol topardaşynyň geçiren topuny, derwezä salyp, oýuny 2:1 hasabynda ýeňiş bilen tamamlamaga ýardam etdi. Iki duşuşygyň netijeleri boýunça “Arkadag” futbol kluby 3:1 hasabynda ýeňip, özüniň ilkinji möwsüminde AFK-nyň Çagyryşlar ligasynyň ýarym finalyna çykmagy başardy.
9-njy we 16-njy aprelde topar “Al-Arabi” (Kuweýt) we “Al-Sib” (Oman) duşuşygyň ýeňijisi bilen garşylaşar. AFK-nyň Çagyryşlar ligasy – Aziýanyň ähmiýeti boýunça üçünji klub ýaryşydyr. Ol geljegi uly bolan toparlara halkara giňişliginde özleri barada mälim etmäge mümkinçilik berýär. “Arkadag” futbol kluby eýýäm iň ýokary maksatlar üçin göreşmäge ukyplydygyny subut etdi.
ORIENT