Halkara matematika olimpiadasynda üstünlik görkezen talyplar sylaglandy
13.03.2025 | 12:30 |12-nji martda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mejlisler zalynda 2-10-njy mart aralygynda Albaniýa Respublikasynyň Korça şäherinde Günorta-Gündogar Ýewropa döwletleriniň uniwersitetleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen 19-njy Halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplary sylaglamak dabarasy boldy. Aýdym-sazly dabaranyň dowamynda bu halkara olimpiadasyna talyplary taýýarlan mugallymlara we baýrakly orunlary eýelän zehinli talyplara Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Geçirilen bu Halkara olimpiada Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky TDU-nyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Ýagşygeli Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdy.
Olimpiadada başgada Albaniýa, Bolgariýa, Serbiýa, Rumyniýa, Gresiýa, Demirgazyk Makedoniýa Respublikalaryndan 35 sany ÝOM-nden düzülen toparlarda 150-den gowrak talyplar çykyş etdiler. Türkmen talyplary matematika ýaryşynda özleriniň zehinlerini görkezip jemi 26 medala, ýagny 3 altyn, 10 kümüş, 13 sany bürünç medallara mynasyp boldular. Ýeri gelende belläp geçsek, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Medine Ödaýewa olimpiadanyň Baş Baýragyna mynasyp boldy.
ORIENT