Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Hytaýyň Täze ýyly
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

2025-nji ýylda Türkiýede Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

18.04.2025|15:20|
1018
2025-nji-yylda-turkiyede-turkmenistanyn-medeniyet-gunleri-geciriler
Surat çeşmesi: www.mfa.gov.tm

Ankara we Aşgabat medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy dowam edýärler: 2025-nji ýylda Türkiýede Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeligine bagyşlanan çäräniň dowamynda Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, häzirki wagtda türkmen tarapy bilen çäräniň geçiriljek anyk senesi we şäherleri barada gepleşikler alnyp barylýar. Ýylyň dowamynda bilelikdäki teatr we tans festiwallaryna gatnaşmak hem göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, dekabr aýynda Türkmenistanda beýik akyldar Möwlana bagyşlanan çäreler geçiriler.

Ilçi Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen hem-de hemişelik bitaraplygyň 30 ýyllygy bellenilýän 2025-nji ýylyň bilelikdäki medeni başlangyçlaryň birnäçesiniň geçirilmegi üçin esas boljakdygy barada belledi.

Ahmet Demirok Türkmenistanda türk medeniýetine we diline bildirilýän uly gyzyklanma barada belläp, Aşgabatda ýakyn wagtda Ýunus Emre adyndaky Medeniýet merkeziniň açyljakdygyna ynam bildirdi.

ORIENT news