Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Hytaýyň Täze ýyly
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Türkmenistanyň 2026-2030-njy ýyllar üçin Inçekesele garşy göreşmek boýunça Milli strategiki meýilnamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy

17.04.2025|09:21|
1381
turkmenistanyn-2026-2030-njy-yyllar-ucin-incekesele-garsy-goresmek-boyunca-milli-strategiki-meyilnamasynyn-taslamasy-ara-alnyp-maslahatlasyldy
Surat çeşmesi: Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Ýurt edarasy tarapyndan berildi

Aşgabatdaky BMG-niň binasynda 2026-2030-njy ýyllar üçin Inçekesele garşy göreşmek boýunça Milli strategiki meýilnamasynyň birinji taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin wideo aragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň inçekesel boýunça Milli iş toparynyň maslahaty geçirildi.

Duşuşyk Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Ýurt edarasy tarapyndan guralyp, BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň inçekesel boýunça bilermeni, doktor Mihail Woligiň gatnaşmagynda geçirildi. Ol Türkmenistanda inçekeseliň durnukly we netijeli öňüni alyş, anyklaýyş we bejeriş çäreleri üçin berk esasyny goýýan 2026-2030-njy ýyllar üçin Inçekesele garşy göreşmek boýunça Milli strategiki meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlady.

Gatnaşyjylar meýilnamany mundan beýläk-de işläp taýýarlamak we ony üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur bolan esasy ädimleri kesgitlediler.

ORIENT news