Iň täze habarlar

Astanadaky II Merkezi Aziýa media forumynda žurnalistika ugry boýunça Merkezi Aziýanyň baýragyny döretmegi teklip etdiler

16.04.2025 | 15:50 |
 Astanadaky II Merkezi Aziýa media forumynda žurnalistika ugry boýunça Merkezi Aziýanyň baýragyny döretmegi teklip etdiler

Astanada açylan II Merkezi Aziýa media forumynda žurnalistika ugry boýunça Merkezi Aziýanyň baýragyny döretmek pikiri teklip etdiler. Bu barada “KAZINFORM” habar berýär.

Bu başlangyç sebitde žurnalistika hünäriniň iň gowy wekillerini höweslendirmäge gönükdirilendir. Guramaçylaryň pikirine görä, munuň özi medianyň hilini ýokarlandyrmaga hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berer.

Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we habarlar ministri Aida Balaýewa tejribe alyşmak we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin şeýle taslamalaryň döredilmeginiň wajyplygyny nygtady.

Baýrak žurnalistleriň we kontentmeýkerleriň goşantlaryny ykrar etmäge ýardam berer, şeýle hem Merkezi Aziýada media ulgamynyň ösüşi üçin itergi bolar. Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň Žurnalistika akademiýasyny, Merkezi Aziýanyň jemgyýetiniň görnükli wekilleri barada gürrüň berjek “Biziň adamlarymyz” atly tele gepleşigi döretmek, hemmeler üçin umumy “Nowruz” baýramy günlerinde sebitiň ýurtlaryna birleşmäge mümkinçilik berjek teleköprini guramak ýaly beýleki başlangyçlara seredildi.

II Merkezi Aziýa media forumy öz işini 17-nji aprele çenli dowam eder.

ORIENT news

Foto: kazislam.kz

Şeýle hem okaň: