Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin
17-nji aprelde, penşenbe güni, Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda ýeñil senagaty we oba hojalyk önümleri ýerlenildi.
Özbegistanyñ telekeçileri Türkmenistanyñ işewür toparlarynyñ wekilleri bilen granulirlenen hojalyk sabynyny satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.
Türkmenistanyñ işewürleri Türkmenistanyñ Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniñ goýy ekstraktyny satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryñ netijesinde umumy bahasy 4 200 000 manada we 37 500 ABŞ dollaryna barabar bolan 2 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiñiz.
ORIENT news
