Iň täze habarlar

Aşgabatda Türkiýäniň syýahatçylyk mümkinçiligi görkezildi

18.04.2025 | 13:10 |
 Aşgabatda Türkiýäniň syýahatçylyk mümkinçiligi görkezildi

Şu gün, 17-nji aprelde Aşgabatda Türkiýäniň syýahatçylyk mümkinçiligine bagyşlanan çäre geçirildi. Ol 15-22-nji aprel aralygynda dowam etjek Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeliginiň çäklerinde guraldy. Guramaçy hökmünde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy çykyş etdi. 1 Çärä Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, türkmen we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we medeniýet işgärleri, şeýle hem çagyrylan beýleki myhmanlar gatnaşdy. Gutlag sözi bilen Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Dermiok çykyş etdi. 2 Ol türk syýahatçylygynyň üstünlikleri barada gürrüň berip, Türkiýäniň öz howasy, tebigy gözellikleri, taryhy we medeni mirasy bilen dünýäniň iň köp barylýan ýurdy bolup durýandygy barada belledi. Ilçi Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni we syýahatçylyk aragatnaşyklarynyň ýokary derejede bolup, munan beýläk-de ösmäge dowam etjekdigini aýtdy. 3 Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň medeniýet ministriň orunbasary Nursähet Şirimow çykyş etdi. Ol Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň, şol sanda medeni we syýahatçylyk pudagy boýunça hyzmatdaşlygy güýçli depginde ösdürilýändigi barada belledi. Ministriň orunbasary türk tarapyna şeýle ajaýyp çäräniň guramaçylygy üçin hoşallygyny bildirdi. 4 Agşamky çäresinde sazandalar toparynyň ýerine ýetirilmeginde janly türk sazy ýaňlandy. Myhmanlara milli türk tagamlary hödürlendi. Munuň özi çärä gatnaşyjylara dostlukly ýurduň medeniýeti we milli naz-nygmatlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: