Iň täze habarlar

Türkmenistanyň wekiliýeti MA – AADHG strategik dialogynyň ministrler duşuşygyna gatnaşdy

17.04.2025 | 23:45 |
 Türkmenistanyň wekiliýeti MA – AADHG strategik dialogynyň ministrler duşuşygyna gatnaşdy

15-16-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti El-Kuweýt şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi (MA-AADHG) strategik dialogynyň üçünji ministrler duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Kuweýt döwletine iş saparyny amala aşyrdy.

Forumyň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza bolan alty ýurduň – Saud Arabystany Patyşalygynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Katar Döwletiniň, Kuweýt Döwletiniň, Oman Soltanlygynyň we Bahreýn Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we özara bähbitli gatnaşyklary has-da giňeltmegiň zerurlygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, maýa goýumlary, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer, daşky gurşawy goramak we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen anyk maslahatlaryň we teklipleriň işlenip düzülmeginiň möhümdigine aýratyn üns berildi.

Taraplar Merkezi Aziýa bilen Aýlag döwletleriniň arasyndaky özara gatnaşyklaryň köptaraplaýyn gurallaryny işjeň ösdürmäge we hyzmatdaşlygy berkitmäge bolan isleglerini tassykladylar.

Türkmen tarapy çykyşynyň dowamynda ulag-logistika, energetika, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda strategiki dialoga gatnaşýan ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça derwaýys meseleleri we başlangyçlary beýan etdi.

Şol gün türkmen wekiliýetiniň Kuweýt Döwletiniň mirasdüşer şazadasy, Şeýh Sabah Al-Haled Al-Hamad Al-Mubarak Al-Sabah bilen duşuşygy boldy. Şeýle hem Ahmet Gurbanowyň Bahreýn Patyşalygynyň we Oman Soltanlygynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýranyň, Omanyň, Kataryň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda baglaşylan Ylalaşygyň (Aşgabat ylalaşygy) durmuşa geçirilmegi bilen bagly meselelere garaldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat beýanatynda aýdylýar.

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: