Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Aşgabatdaky Amerikan merkezinde meýletinçi bol!

18.04.2025|12:55|
927
asgabatdaky-amerikan-merkezinde-meyletinci-bol
Surat çeşmesi: orient.tm

Eger-de seniñ täze ukyp-başarnyklary ele almaga hem-de täze dostluklary edinmäge islegiñ bar bolsa, Aşgabatdaky Amerikan merkezi meýletin kömekçi hökmünde saña garaşýar!

Arzalary türkmen, rus we iñlis dillerini bilýän 16-30 ýaş aralygyndaky şahslar tabşyryp biler.

Meýletin kömekçi wezipesi Amerikan merkezine mugt kömek bermekden ybarat (hepdede 10 sagat, 9:00-dan 18:00-e çenli).

Meýletinçilik işi 2025-nji ýylyñ maý aýyndan awgust aýyna çenli dowam eder.

Meýletinçilik tejribesine üns berilýär.

Arzalar 2025-nji ýylyñ 24-nji apreline çenli kabul edilýär.

ORIENT news