Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçihanasy tegelek stoly gurady

18.04.2025 | 14:05 |
 Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçihanasy tegelek stoly gurady

17-nji aprelde 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy Ž.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetinde tegelek stoly gurady. 1 Çärä uniwersitetiň mugallymlary we talyplary, şeýle hem wideo aragatnaşyk arkaly birikdirilen Türkiýe Respublikasynyň alymlary gatnaşdy. Tegelek stoluň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň wajyplygy barada bellenildi. 2 Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan tarapyndan yzygiderli amala aşyrylýan hem-de dünýäniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýän açyk gapylar syýasaty barada aýratyn nygtaldy. Türkmenistanyň bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” dowamynda ýokary derejede geçirilmegi meýilleşdirilen çärelere hem aýratyn üns berildi.

Gatnaşyjylar beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň parahatçylyk, ynanyşmak we ynsanperwerlik ýörelgeleri bilen utgaşýandygy barada bellediler. Beýik şahyryň hatyrasyna halklaryň arasyndaky agzybirligi, dost-doganlygy wasp edýän türkmen, gyrgyz we türk dillerindäki goşgylary okaldy.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň halkara giňişligindäki gazanan üstünliklerini şöhlelendirýän wideo ýazgy görkezildi, şeýle hem gatnaşyjylary türkmen halkynyň baý medeni mirasy bilen tanyşdyrýan sergi guraldy.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: