Iň täze habarlar

Ýaponiýadaky Bütindünýä sergisinde uçýan awtoulaglaryñ ilkinji görkeziş uçuşlaryny synlap boldy

15.04.2025 | 13:26 |
 Ýaponiýadaky Bütindünýä sergisinde uçýan awtoulaglaryñ ilkinji görkeziş uçuşlaryny synlap boldy

2025-nji ýylyñ 13-nji aprelinde Ýaponiýanyñ Osaka şäherinde açylan Expo 2025 Bütindünýä sergisinde ýapon kompaniýalary tarapyndan döredilen uçýan awtoulagyñ ilkinji görkeziş uçuşlary geçirildi.

Bu uçuşlar ýurduň howa ulaglar tehnologiýalary babatynda gazanylan üstünlikleri açyp görkezdi.

Expo sergisiniñ resmi nyşany bolan Mýaku-Mýakunyñ öwüşgininde, ýagny açyk gök we gyzyl reñkdäki uçýan awtoulag iki tapgyrda görkezildi: birinji uçuş sagat irden 11:00-da, ikinjisi bolsa sagat 14:00-da amala aşyryldy.

Üç sany ýapon operator-kompaniýalary tarapyndan şeýle ulag serişdeleriniñ görkezilmegi alty aýlap dowam etjek serginiñ tutuş dowamynda ýolagçysyz amala aşyrylar.

Uçarmansyz uçýan enjamlaryň tehnologiýasyny ulanýan ulag serişdeleri adamlary we ýükleri daşamak üçin niýetlenendir.

ORIENT news

Foto: 3.nhk.or.jp

Şeýle hem okaň: