Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň täze bellenen ilçisini kabul etdi.
18.04.2025 | 02:25 |17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.
Ilçi Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Patyşa Salman ben Abdelaziz Al Saudyň we Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saudyň döwlet Baştutanyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutany hem Saud Arabystany Patyşalygynyň ýokary wezipeli ýolbaşçylaryna hem iň gowy arzuwlaryny beýan etdi diýip, “Нейтральный Туркменистан” (“Neýtralnyý Türkmenistan”) gazeti habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Saud Arabystany Patyşalygy bilen däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Türkmen-saud dialogy, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyga esaslanýan hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýar.
Iki döwlet hen diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki başlangyçlaryny we tekliplerini işjeň goldaýandygy üçin saud tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşler söwda-ykdysady ulgamdaky döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň dowamynda özara söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygyny we bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.
Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma we oba hojalygy pudaklary Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellenildi.
Şunuň bilen birlikde, medeniýet, ylym, sungat we döredijilik ulgamlarynda hem hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikler bellendi.
Serdar Berdimuhamedow medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde iki halkyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmegiň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygy bilen däp bolan özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.
Diplomat däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Şeýle hem şol gün ilçi Amer bin Ali Al-Şehri Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy.
ORIENT