Iň täze habarlar

Türkmenistan elektron wizalary girizýär

18.04.2025 | 16:30 |
 Türkmenistan elektron wizalary girizýär

Türkmenistanda wiza düzgünlerini aňsatlaşdyrmak maksady bilen daşary ýurtlylar üçin elektron wizalar girizilýär. Bu Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen we 2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde güýje giren Türkmenistanyň “Migrasiýa hakynda” kanuna goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmek hakynda Permanynda göz öňünde tutulan.

Elektron wiza (e-Visa) Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň maglumat ulgamynda elektron görnüşde resmileşdirilýär we daşary ýurt raýatlaryna ýurda girmäge, onuň çäklerinde bolmaga, çykmaga, şeýle hem Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr geçmäge rugsat berýär.

Mundan başga-da, bu girizilen täzeçilik elektron wizany alanyňda ýurda gelmek üçin çakylyklary resmileşdirmek we bermek zerurlygyny aradan aýyrýar. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary, konsullyk edaralary we migrasiýa gullugynyň edaralary awtomatiki ýagdaýda habarlary alarlar.

Elektron wizalaryň derejeleri we görnüşleri, olary resmileşdirmegiň, bermegiň we möhletini uzaltmagyň tertibi gönüden-göni Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan belleniler.

Elektron ýüztutmalaryň görnüşleri, zerur resminamalaryň sanawy we elektron wizalaryň nusgalary Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan tassyklanylýar.

ORIENT news

Foto: neg.by

Şeýle hem okaň: