BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we BMG-niň Ilat gaznasy Türkmenistanda ýokanç kesellere garşy göreşde hyzmatdaşlyk alyp bararlar
05.03.2025 | 15:02 |Türkmenistandaky BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we BMG-niň Ilat gaznasy (UNFPA) ýokanç kesellere garşy göreş boýunça taslamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekdiler.
Hyzmatdaşlyk Türkmenistanda inçekesele garşy göreşde gender-duýgur çemeleşmäniň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar.
Hususan-da, UNFPA ilatyň arasynda, şol sanda göwreli aýallarda inçekeseli anyklamak we ony bejermek üçin inklýuziw lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmekde, şeýle hem inçekeseliň reproduktiw saglyga täsiri baradaky habarlylygy ýokarlandyrmakda ünsüni jemlär.
ORIENT