Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “TS-1” kysymly uçar kerosini, hlorly natriý we dokma önümleri ýerlenildi

05.03.2025 | 10:29 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “TS-1” kysymly uçar kerosini, hlorly natriý we dokma önümleri ýerlenildi

4-nji martda, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we dokma senagaty önümleri ýerlenildi.

Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen “TS-1” kysymly uçar kerosini satyn almak barada geleşik baglaşdy.

“Türkmenhimiýa” Döwlet konserninden olar hlorly natrini satyn aldylar.

Ukrainanyň işewür toparlarynyň wekilleri türkmen telekeçileri bilen düz boýalan we žakkard sütükli dokma önümlerini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 787 031,33 ABŞ dollaryna barabar bolan 4 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: