TDHÇMB-da söwdalaşyklar: "TS-1" kysymly uçar kerosini, buýanyñ arassalanmadyk guradylan kökleri we kök baldaklary ýerlenildi
04.03.2025 | 11:15 |3-nji martda, duşenbe güni, Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda nebit-himiýa we oba hojalyk önümleri ýerlenildi.
Owganystanyñ telekeçileri "Türkmennebit" Döwlet konserni bilen "TS-1" kysymly uçar kerosini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Serbiýanyñ işewür toparlarynyñ wekilleri Türkmenistanyñ Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýanyñ arassalanmadyk guradylan köklerini we kök baldaklaryny satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryñ netijesinde umumy bahasy 1 443 900 ABŞ dollaryna barabar bolan 2 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiñiz.
ORIENT news