Türkmenistan we Katar: ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
01.06.2025 | 21:37 |Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedow Ýokary bilimler boýunça Doha institutynyň rektory Abdelwahab El-Afendi bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda Ilçi, 2025-nji ýylyň ýurdumyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini belläp, mahriban diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan halkara çäreler barada belläp geçdi.
Şeýle hem, iki döwletiň arasynda ylym-bilim pudagyny ösdürmek bilen baglanyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de daşary ýurt dillerini çuňlaşdyrylan ýagdaýda öwretmegiň täze usulyýet-tejribeleriniň alyşylmagy barada maslahatlaşyldy.
ORIENT