Iň täze habarlar

Yslamabatda hyzmatdaşlyk barada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen bilermenler dialogy geçirildi

06.02.2025 | 22:50 |
 Yslamabatda hyzmatdaşlyk barada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen bilermenler dialogy geçirildi

6-njy fewralda Yslamabadyň Sebit öwreniş institutynda (IRSI) “Sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça ilçileriň dialogy” atly tegelek stol geçirildi.

Çärede päkistanly senator Muşahid Huseýn, IRSI-nyň prezidenti Jauhar Salim we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň ilçileri çykyş etdiler.

Çykyş edenler syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak, söwdany we maýa goýumlaryny ýokarlandyrmagyň ýollaryny öwrenmek we energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek we sebitara baglanyşyk, seljeriş merkezleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek we medeni diplomatiýany giňeltmek, şeýle hem sebitdäki ýurtlaryň arasynda howanyň üýtgemegi boýunça hyzmatdaşlygy dialogyň esasy temasy hökmünde bellediler.

06022025-v-islamabade-dialog-s-poslami-centralnoj-azii (1).jpg

Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow öz çykyşynda Türkmenistan tarapyndan başy başlanan TOPH we TOP ýaly birnäçe möhüm energetika we infrastruktura taslamalary barada çykyşynda beýan etdi. TOPH transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Serhetabat – Hyrat böleginiň gurluşygynyň başlanmagyna aýratyn üns berildi. Bu nukdaýnazardan, ilçi energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekden başga-da, şübhesiz bu taslamalaryň sebitiň ykdysady ösüşine itergi berjekdigini, daşky gurşawa oňyn täsir etjekdigini, on müňlerçe goşmaça iş ýerleriniň döredilmegine we Päkistanda adamlaryň abadançylygyny ýokarlandyrjakdygyny belledi.

Ilçi Möwlamow, dialoga gatnaşyjylaryň ünsüni BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky Kararnamasyna çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ol Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek ugrundaky halkara tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen syýasaty barada gürrüň berdi.

06022025-v-islamabade-dialog-s-poslami-centralnoj-azii (2).jpg

Söhbetdeşligiň dowamynda dialoga gatnaşyjylar halkara we döwletara gatnaşyklarynda ýüze çykýan tendensiýalaryň we wakalaryň ýüzünde parahatçylygy saklamak we ynanyşmagy güýçlendirmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň möhümdigini bellediler diýip, Türkmenistanyň Yslamabatdaky diplomatik wekilhanasynda habar berildi.

ORIENT

Foto: pakistan.tmembassy.gov.tm

Şeýle hem okaň: