Iň täze habarlar

Türkmenistanyň wekiliýeti Astanada geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy

06.02.2025 | 20:00 |
 Türkmenistanyň wekiliýeti Astanada geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy

Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Pekin jarnamasynyň we Hereketleriň platformasynyň 30 ýyllygy mynasybetli 6-njy fewralda Astanada geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşdy.

“2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň ýerine ýetirilmegine çenli 5 ýyl: Merkezi Aziýanyň geljegi” atly ýokary derejedäki çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şol sanda gender deňligi meselelerine ýöriteleşen hünärmenler gatnaşdy.

Duşuşygyň maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary derejeli wekilleri we beýleki möhüm taraplar üçin DÖM-i we Durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmekde ösüşi çaltlaşdyrmak üçin meýdançany döretmekden ybarat boldy.

Mähri Bäşimowa öz çykyşynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri aýal-gyzlaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ugurlaryna deňhukukly gatnaşmak boýunça ýörelgelerini berkitmäge gönükdirilen işjeň gender syýasatyny alyp barýandygyny nygtady. Gender ösüşiniň meseleleri aýal-gyzlaryň ýurduň durmuş-ykdysady we medeni ösüşine mundan beýläk-de goşulyşmagyny möhüm ugurlarynyň biri edinýän Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli milli maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar.

Türkmenistan tarapyndan tassyklanan degişli halkara konwensiýalarynyň düzgünlerini ýerine ýetirýän “Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda” Kanunynyň kabul edilendigi bellenildi.

Ýokary derejedäki duşuşyk oňa gatnaşyjylara Pekin +30 Sebit syny, Merkezi Aziýada DÖM 5 boýunça gazanylan ösüş we gender deňligini maliýeleşdirmek ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.

06022025-turkmenistan-vo-vstreche-vysokogo-urovnya-stran-ca-v-astane (1).jpg

Ýokary derejedäki duşuşygyň meýdançasynda Mähri Bäşimowa “BMG – Zenanlar” düzüminiň Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin Sebit direktory Belen Sans Luke bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ÝB-niň zenanlarynyň forumyny, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlar dialogyny geçirmegi meýilleşdirýändigi bellenildi.

Mähri Bäşimowa Belen Sans Lukeni Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçiriljek çärelere hem gatnaşmaga çagyrdy.

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: