Täjigistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
06.02.2025 | 20:15 |2025-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi.
Çärä Täjigistanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň abraýly wekilleri, Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary, intelligensiýanyň wekileri we Ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar. Onuň dowamynda Ilçi A.Goçmyradow, Täjigistanyň Tehniki uniwersitetiniň Osimi adyndaky tehniki kollejiniň halkara gatnaşyklar boýunça orunbasary akademik Z.Häkimow, Rus-täjik slawýan uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby M.Atajanowa we başgalar çykyş etdiler.
Çäräniň başynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Onda çykyş edenler kitapda, halkymyzyň şöhratly taryhynyň, baý medeni mirasynyň, nusgalyk döredijilik ýörelgeleriniň çuňňur manyly beýan edilendigini, olary täze many mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eserleriň ýaşlary watançylyk, belent ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadygyny we ähli türkmen halky üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolandygyny aýratyn bellediler.
Soňra 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine we bu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigine aýratyn üns çekildi. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidigi nygtaldy.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy barada hem giňişleýin durlup geçilip, ol çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.