Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentine uçar heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi

31.01.2025 | 04:00 |
 Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentine uçar heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa Waşington şäheriniň Ronald Reýgan howa menziliniň golaýynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly uçar heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda, ýurduň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

29-njy ýanwarda Kanzasdan uçuşy amala aşyrýan “American Airlines”-iň 60 adamdan ybarat bolan “Bombardier CRJ700” kysymly uçary, Waşingtonyň Reýgan adyndaky milli howa menziline ýakynlaşanda ABŞ-nyň harby güýçleriniň “Black Hawk” dikuçary bilen çaknyşdy we Potomak derýasyna gaçdy.

ORIENT

Foto: Getty Images

Şeýle hem okaň: