Türkmenistan Germaniýanyň sebitleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär: Saarland ýerindäki duşuşyklar
31.01.2025 | 20:45 |Türkmen-german hyzmatdaşlygyny giňeltmek we sebit derejesinde göni gatnaşyklary ýola goýmak mümkinçilikleri Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsuly Myrat Özbekbaýewiň Saarland federal ýerine bolan iş sapary wagtynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
28-30-njy ýanwarynda Saarbrükken şäherine amala aşyran iş saparynyň çäginde Ýewropa meseleleri boýunça Döwlet sekretary, Saarland ýeriniň Döwlet kanselýariýasynyň başlygy Dewid Lindemann bilen duşuşyk geçirildi.
Ara alyp maslahatlaşmanyň dowamynda türkmen-terman hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary bolan sebitara gatnaşyklary ýola goýmagyň ähmiýeti bellendi şeýle hem Türkmenistan bilen Saarland ýeriniň arasyndaky özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini seljerdi.
Bu nukdaýnazardan, duşuşyga gatnaşyjylar dürli derejedäki ikitaraplaýyn saparlary guramagyň, şeýle hem ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda bilelikdäki çäreleri geçirmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy.
Mundan başga-da, federal ýeriniň ýolbaşçylygyna Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan halkara çäreleriň ähmiýeti barada maglumat berildi.
Konsul şeýle hem Saarland Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň agzasy Oliwer Şmitt we SSE-niň daşary söwda bölüminiň ýolbaşçysy Oliwer Groll bilen duşuşyk geçirdi.
Gepleşikleriň dowamynda söhbetdeşler Türkmenistan Söwda-senagat palatalary bilen Saarland ýeriniň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň hem-de iki tarapyň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda dialogy guramagyň tarapdarydyklaryny aýtdylar. Saarlandyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda we onuň çäginde daşynda geçirilýän dürli söwda-ykdysady çärelere gatnaşmagynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Energetika, maşyn gurluşygy, derman senagaty we ýokary tehnologiýalar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.
50 müň golaý kompaniýany we hususy telekeçini öz içine alýan Saarland ýeriniň SSE, Türkmenistanyň işewür toparlary bilen aragatnaşygy ýola goýmaga aýratyn gyzyklanma bildirdi.
Mundan başga-da, iş saparynyň çäginde konsul Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, “Jacob Pferdezucht GbR” atçylyk firmasynyň ýolbaşçysy Katarina Ýakob bilen duşuşdy. Taraplar Türkmenistanda atçylyk sportunyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler, şol sanda ahalteke atlarynyň daşary ýurtlarda, esasanam Germaniýada geçiriljek halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy barada pikir alyşdylar.
Katarina Ýakob, ahal-teke bedewleriniň köpden bäri muşdagy, şeýle hem, atly gezim, üç görnüşli ýaryş we konkur bilen türgenleşýän ahal-teke bedewleriniň eýesidir. Onuň ýetişdiren bedewleri Germaniýada we Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda üstünlik gazanyp, baýrakly orna eýe bolýarlar.
Maglumat üçin:
Saarland – Germaniýada bu dereje eýe bolan üç sany uly şäheri - Berlin, Gamburg we Bremen hasaplamazdan meýdany boýunça iň kiçi ýer. Paýtagty Saarbrükken bilen 1 million töweregi ilaty bar. Germaniýanyň, Belgiýanyň we Lýuksemburgyň çatrygynda ýerleşýär.
Bu sebit, fransuz Lotaringasi we Lýuksemburg Gersogy bilen bilelikde XIX asyryň ikinji ýarymyndan tutuş bir asyrlap kömür we polatdan senagat görnüşli üçburçlugy emele getirdi.
Şeýlelik bilen, Fölklingen şäherindäki “Fölklinger Hütte” öňki metallurgiýa zawody, 1994-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ilkinji senagat ýadygärligi boldy. Ýüz ýyldan gowrak wagtlap ol Germaniýada iň uly çoýun eredýän we polat öndürýän uly göwrümli zawod boldy.
2043-nji ýyla çenli Saarlandy iki dilli etmek maksady bilen bu Ýerde fransuz diliniň giňden ýaýramak boýunça maksatnamanyň işe girizilmegi üýtgeşik bir wakadyr. Fransuz dili eýýäm çagalar bagynda okadylýar, mekdepleriň we uniwersitetleriň köpüsinde bolsa sapaklar iki dilde geçirilýär. Bu “fransuz” strategiýasy, Saarlandy Germaniýa üçin aýrylmaz we tapylgysyz köpri we Fransiýa penjire etmek üçin niýetlenendir.
Saarland ýeri Germaniýanyň kuwwatly intellektual ussahanasydyr – bu ýerde Nemes emeli intellekt gözleg merkezi, Maks Planka, Fraunhofer we Leýbnisa adyndaky öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleriniň şahamçalary ýerleşýär.
Saarland ýeriniň ykdysady ösüşi kömri gazyp almagyň bes edilmegi bilen ugurdaş sebitleýin gurluş üýtgemeleri bilen berk baglanyşykly. 20-nji asyryň ortalaryna çenli dag-magdan önümçiligi pudagy we onuň bilen bagly bolan polat öndürýän pudagy sebitde esasy iş berijileri bolup, sebitiň ykdysady infrastrukturasyny emele getirdi.
Ilatyň azdygyna we meýdanynyň kiçiligine garamazdan, bu ýerde “ZF Friedrichshafen” (awtoulag komponentleriniň önümçiligi), “Saarstahl AG” we “Dillinger Hüttenwerke AG” (polat öndürýän senagat), “Ford Werke GmbH” (awtoulag senagaty), “Robert Bosch GmbH” (elektrik pudagy),”Fresenius Medical Care”, “Villeroy & Boch AG” (farfor we toýundan ýasalan önümleri), “Hager Electro GmbH” (elektro enjamlary) we beýlekiler ýaly iri senagat kärhanalary bar.
ORIENT
Ýene-de şol mowzuk boýunça:
Туркменистан и Бавария ищут пути взаимодействия: переговоры в Мюнхене
В штаб-квартире Deutsche Bank во Франкфурте обсудили совместную с Туркменистаном работу
В консульстве Туркменистана в ФРГ прошла встреча с региональным директором Messe Frankfurt