Luwr muzeýiniň direktory Fransiýanyň Medeniýet ministrligine ýüzlenip, muzeýiň ýagdaýy baradaky aladalaryny beýan etdi
24.01.2025 | 12:45 |Fransiýanyň iň uly muzeýiniň – Luwryň Baş direktory Lorans de Kar, köşgüň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy, gurluşlaryň könelmegi we we munuň muzeý eksponatlaryna howp döredýändigini Medeniýet ministrligine arz etdi. Bu barada «Le Parisien» gazeti habar berýär.
Neşiriñ berýän maglumatlaryna görä, 13-nji ýanwar bilen senelendirilen hatyñ böleklerinde, käbir binalaryň «howply derejede könelendigine» we olaryň käbir otaglarynda zeperlenmeleriň artýandygy barada aýdylýar. Käbir otaglar "indi suwa çydamly däl" bolup, käbir ýerlerde “sungat eserleriň abat saklanyp galmagyny howp astynda goýýan temperaturanyň howply ýagdaýda üýtgäp durmagy ”. Köşgüň öňündäki meýdançada çüwdürimiň ýerine gurlan aýna piramida bolsa, direktorň pikirine görä, "struktura taýdan könelen.
Mundan başga-da, Lorans de Kar Leonardo da Winçiniň «Jokonda» («Mona Liza») atly meşhur suratynyň talaba laýyk gelmeýän prezentasiýasy barada belledi.
«Ikona derejesine ýetirilen «Mona Liza» onýyllyklaryñ dowamynda haýran galdyrýar. Suratkeşiñ özüne we onuñ işine düşünmezden, köpsanly adamlaryñ muzeýe/zala barmak isleýändigi şeýle meşhurlygyñ netijesi boldy. Bu bolsa muzeýiñ ýerine ýetirýän wezipesini sorag astyna goýýar”-diýip, Luwryň direktory belleýär.
ORIENT News