Astrahanda Türkmenistanyñ logistika merkezini döretmegi meýilleşdiýärler
22.01.2025 | 12:50 |Russiýanyñ we Türkmenistanyñ bilelikdäki taslamasy port erkin ykdysady zolagyñ binýadynda işläp başlar. Döwletler Astrahanyñ portlarynyñ hem-de Türkmenbaşynyñ portunyñ arasynda gämi gatnawly ugry döretmäge gyzyklanma bildirýärler.
"Bu taslamalaryñ 100 göterim ýük dolulygyny üpjün etmek zerurdyr. Munuñ bilen baglylykda biz türkmenistanly hyzmatdaşlarymyz bilen şu ýyl Russiýa Federasiýasynyñ we Türkmenistanyñ telekeçileriñ gatnaşmagynda uly işewürlik forumyny geçirmek barada ylalaşdyk" - diýip, Astrahan oblastynyñ daşary aragatnaşyk ministri Wladimir Golowkow belläp geçdi.
Halkara forum Astrahanda geçiriler. Onda telekeçiler bilelikdäki taslamalar barada maslahatlaşyp hem-de şertnamalary baglaşyp bilerler. Gepleşiklere Russiýanyñ beýleki sebitleriniñ wekilleri hem çagyrylar.
Mundan başga-da, Astrahan oblasty Eýran bilen logistika işini hem ösdürýär. Ýükleri daşaýan bilelikdäki kompaniýa hem hereket edýär. Häzirki wagtda taraplar täze taslamalaryñ amala aşyrylmagyny meýilleşdirýärler.