Iň täze habarlar

Şu gün Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlarynda möhetden öňki ses berme başlanýar

21.01.2025 | 14:30 |
 Şu gün Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlarynda möhetden öňki ses berme başlanýar

Şu gün, 2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Belarusda Prezident saýlawlarynda möhletden öňki ses berme başlanýar diýip, BELTA habar berýär.

Saýlawlaryň bu tapgyry 25-nji ýanwara çenli dowam edip, saýlawçylar bäş günüň dowamynda öz seslerini berip bilerler. Meýdança toparlary sagat 12:00-den 19:00-e çenli arakesmesiz işlär. Ses bermäniň esasy güni ýanwar aýynyň 26-na bellenen. Şol gün meýdançalar sagat 8:00-de açylyp, 20:00-de ýapylar.

Belarusda prezident saýlawlarynda ses bermek üçin 5320-den gowrak saýlaw meýdançalary döredildi.

Möhletden öňki ses berme Belarusda saýlaw porsesiniň möhüm bölegi hasaplanylýar, we ol saýlawlaryň esasy gününde saýlaw meýdançasyna gelip bilmedik raýatlara öz saýlaw hukugyny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Saýlaw güni saýlawçylaryň arzalary boýunça öýde ses berip bolýar. Eger-de saýlawçy saglyk ýagdaýy we beýleki sebäplere görä ses berilýän bina baryp bilmese, ol degişli meýdança toparyna ýazmaça we dilden ýüz tutup, özüniň ýerleşýän ýerinde ses bermegi amala aşrymaga haýyş edip bilýär. Saýlawçy beýleki adamlaryň, mysal üçin, garyndaşlarynyň ýa-da goňşularynyň kömegi bilen meýdança toparyna şunuň ýaly haýyşy ýetirip biler.

Şu ýyl ýokary döwlet wezipesine bäş dalaşgär dalaş edýär, şol sanda häzirki prezident Aleksandr Lukaşenko hem-de beýleki meşhur syýasatçylar.

Şeýle-de Belarusda “sessizlik gününiň” ýokdygyny bellemeli. Bu bolsa ses bermäniň esasy gününe çenli dalaşgärler üçin agitasiýa işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär.

ORIENT news

Foto: belta.by

Şeýle hem okaň: