Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nah ýüplügi, “BND 60/90” kysymly ýol bitumy hem-de “SN-600” kysymly esas ýagy ýerlenildi

22.01.2025|09:11|
1190
tdhcmb-da-sowdalasyklar-nah-yuplugi-bnd-6090-kysymly-yol-bitumy-hem-de-sn-600-kysymly-esas-yagy-yerlenildi
Surat çeşmesi: exchange.gov.tm

21-nji ýanwarda, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen nah ýüplükleri satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

“Türkmennebit” Döwlet konserninden olar “BND 60/90” kysymly ýol bitumyny hem-de “SN-600” kysymly esas ýagyny satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 5 665 000 manada barabar bolan 3 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news