Türkmenistanyň ilçisi Rumyniýanyň ICI Buharest instituty bilen sanly hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
22.01.2025 | 14:33 |2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Informatika boýunça Milli barlag we işläp tayyarlama instituty (ICI Buharest) binasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew bilen bu institutyň Baş direktory Adrian-Wiktor Wewera bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Adrian-Wiktor Wewera institutyň häzirki gözleg taslamalaryny we ICI Rumyniýanyň sanly transformasiýasyna goşandyny tanyşdyrdy. Şeýle hem, ol institutyň halkara hyzmatdaşlary bilen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin açykdygyny, munuň iki ýurda-da peýdaly boljakdygyny nygtady.
Duşuşykda iki ýurduň gözleg, tehnologik ösüş we sanlylaşdyrmak ugrundaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny güýçlendirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kiber-diplomatiýa, emeli intellekt we blokçeýn ýaly umumy gyzyklanma döredýän mowzuklar we şol tehnologiýalaryň durnukly ykdysadyýeti goldamakdaky orny ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda Adrian-Wiktor Wewera 2025-nji ýylyň 8–11-nji aprelinde Buharestde geçiriljek sanly innowasiýalar Sammiti barada maglumat berdi. Munuň bilen baglylykda, rumyn tarapy türkmen wekilçiligini bu Sammite gatnaşmaga çagyrdy.
ORIENT News