Iň täze habarlar

ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji sessiýasy Özbegistanda geçiriler

22.01.2025 | 16:22 |
 ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji sessiýasy Özbegistanda geçiriler

ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 2025-nji ýylda geçiriljek 43-nji sessiýasyna taýýarlyk maksady bilen, Özbegistanyň medeniýeti we sungaty ösdürmek Gaznasynyň wekilleri guramanyň ýolbaşçylary bilen Parižde duşuşdylar. Bu barada Gaznanyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda ÝUNESKO-nyň ýokary derejeli wekilleri Gabriela Ramos, Begonýa Lasagabaster we Wera Lakýoý bilen bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy orun Beruni adyndaky Halkara baýragyny gurnamak we onuň Samarkand şäherinde geçiriljek gowşurylyş dabarasyna berildi.

Mundan başga-da, Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanan sergini taýýarlamak, Ýaşlar forumyna gatnaşmak we ýurduň emeli intellekt tehnologiýalaryna taýýarlygy barada Hasabaty ara alyp maslahatlaşmak meseleleri gün tertibinde boldy. Şeýle-de, 2027–2030-njy ýyllar aralygynda ÝUNESKO-nyň ýerine ýetiriji geňeşine Özbegistanyň dalaşgärligini öňe sürmek barada aýratyn üns berildi.

ORIENT News

Foto: sng.today

Şeýle hem okaň: